Категория:Intel "Обучение для будущего" — различия между версиями

Материал из Проектная деятельность в ИОС XXI века на базе ВГУ имени П.М.Машерова
Перейти к: навигация, поиск
(Новая страница: «SANLY BILIM – RÖWŞEN GELJEGIŇ GANATY Ylym – kämilligiň gözbaşy, ýaşaýşyň şuglasy. Ylymlar dünýäsine aralaşmak bilen ynsan öz durmuş köpr…»)
 
Строка 16: Строка 16:
  
Milli Liderimiziň ýaşlary ylma işjeň çekmek ugrundaky tagallalarynyň uludygyny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan her ýyl ýaşlaryň arasynda ylmy işleri boýunça geçirilýän bäsleşiginiň netijelerinde hem görmek bolýar. Bu bolsa türkmen ylmynyň ösmegine, ýaşlaryň bu ugurda aýratyn tapawutlanmagyna, alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegine giň ýol açýar. Ýaşlaryň döredijilik işi bilen meşgullanmaklary, ylmy barlaglary geçirmäge bolan gyzyklanmalaryny kanagatlandyrmaklary üçin hormatly Prezidentimiz ähli mümkinçilikleri döredýär. Ýaş zehinlileriň ýüze çykmagyna, işjeňliginiň netijeli ugurlara gönükdirilmegine sanly bilim-ylym ulgamynyň ýola goýulmagynyň täsiri uludyr.
 
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
 
Версия 13:22, 21 февраля 2020

SANLY BILIM – RÖWŞEN GELJEGIŇ GANATY

Ylym – kämilligiň gözbaşy, ýaşaýşyň şuglasy. Ylymlar dünýäsine aralaşmak bilen ynsan öz durmuş köprüsiniň sütünlerini berkden gurýar. Bu baýlyk ynsan ömrüni ajaýyplyklara besleýär. Ylym öwrenmek arkaly ähli barlyga göz ýetirilýär. Geçmiş taryhymyzda hem ata-babalarymyz ylym-bilime uly sarpa goýupdyrlar.

Zehin kämilligiňi açmak üçin ylym genji-hazyna bolup hyzmat edýär. Bu barada pederlerimiziň gymmatly jümleleri bar. «Akyl iň gözel zynat, ylym iň ýagşy baýlykdyr», «Miras galjak iň ýagşy zat ylymdyr», «Ylma görä edilen amal abraý-mertebedir», «Ylym egsilmeýän uly hazynadyr, akyl hiç solmaýan täze lybasdyr» diýen pähimler her bir ýaş nesliň ylma çuňňur akyl ýetirmegine hemaýat berýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda her bir edilýän iş ylmy esasda öwrenilip, seljerilip ýerine ýetirilýär. Bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, edepli-terbiýeli bolup ýetişmekleri üçin, ähli oňyn şertler döredilýär. Bu bolsa ýaşlaryň ata Watanymyza bolan söýgüsiniň kämil derejede bolmagyna, ony goramaga, dünýä ýüzünde abraýynyň mundan beýläk-de artmagyna özboluşly goşant goşmaga uly mümkinçilik berýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» köpugurly özgertmeleri amala aşyrmagyň halk hojalygynyň pudaklaryny hem-de döwlet dolandyrylyşynyň ähli ulgamlaryny kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär. Bu Maksatnama ýurdumyzda öňde goýlan wezipeleriň oňyn çözülmegini, sanly ykdysadyýetiň kemala gelmegini, önümçiligiň depginli ösüşini, dünýäniň döwrebap tejribelerini ähli pudaklarda ornaşdyrylmagyny, ylmy pikirleriň we tilsimatlaryň ulanylmagyny, maddy-enjamlaýyn binýadyň pugtalanmagyny üpjün edýär. Diýarymyzda bilim, ylym ulgamlary bilen birlikde ähli pudaklarda, şol sanda ylmy edaralaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe düzümleýin özgertmeler amala aşyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda ylym-bilimiň tutýan ornunyň ýokarydygyna şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda sanly bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça ýurdumyzyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakda, onuň hilini dünýä derejesine laýyk getirmekde, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berilýän täze döwrebap bilim ojaklarynyň häzirki zaman ösen innowasion tehologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy hem sanly bilim ulgamynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini ýene bir gezek görkezýär. Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde «Sanly bilim ulgamy» atly portal taslamasynyň ýola goýulmagynyň, bilim ojaklarynda teleköpri arkaly guralýan okuw sapaklarynyň, internet bäsleşikleriniň geçirilmegi berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmekde, öňdebaryjy tejribelerden peýdalanmakda ägirt uly ähmiýete eýedir. Ähli amatlyklary özünde jemleýän şeýle sanly elektron portalyň üsti bilen sarp edilýän wagt ep-esli tygşytlanyp, ýaş nesliň ylym-bilim derejesiniň artmagyna uly täsir edýär. Döwletimiziň ýaşlarynyň ylym-bilim derejesiniň ilerlemegine mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz ylmy işi ösdürmek we barlaglaryň gerimini giňeltmek, ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn geçirmek hem-de olaryň netijelerini tejribä ornaşdyrmak üçin ähli zerur şertleri döredýär. Şol sanda ählumumy internet ulgamynyň elýeterli bolmagy üpjün edilýär hem-de elektron kitaphanalar döredilýär.

Häzirki wagtda sanly bilim ulgamyna, şeýle-de sanly ykdysadyýete geçmek zerur bolup durýar. Şonuň üçin ylmyň jemgyýetçilik we döwlet durmuşynda möhüm orny eýeleýänligi bilen baglylykda ýurdumyzda ýokary hünärli ylmy işgärleriň, ýaş alymlaryň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilýär. Çünki jemgyýetiň döredijilik kuwwatyny işjeňleşdirmek sanly ykdysadyýeti dolandyrmak babatda ýaş alymlaryň we kämil hünärmenleriň taýýarlanmagy möhümdir.

Milli Liderimiziň ýaşlary ylma işjeň çekmek ugrundaky tagallalarynyň uludygyny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan her ýyl ýaşlaryň arasynda ylmy işleri boýunça geçirilýän bäsleşiginiň netijelerinde hem görmek bolýar. Bu bolsa türkmen ylmynyň ösmegine, ýaşlaryň bu ugurda aýratyn tapawutlanmagyna, alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegine giň ýol açýar. Ýaşlaryň döredijilik işi bilen meşgullanmaklary, ylmy barlaglary geçirmäge bolan gyzyklanmalaryny kanagatlandyrmaklary üçin hormatly Prezidentimiz ähli mümkinçilikleri döredýär. Ýaş zehinlileriň ýüze çykmagyna, işjeňliginiň netijeli ugurlara gönükdirilmegine sanly bilim-ylym ulgamynyň ýola goýulmagynyň täsiri uludyr.

Эта категория в данный момент пуста.

Персональные инструменты
Пространства имён

Варианты
Действия
Навигация
Инструменты